«Uly ýedilik» ýurtlary 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny iň pes derejä ýetirmegi ylalaşdylar

  • 16.06.2021 19:07
  • 11k+

«Uly ýedilige» girýän döwletler Beýik Britaniýada geçirilen sammitde ählumumy maýlamany 1,5 gradusa çenli ýetirmezlik maksady bilen, 2050-njy ýyldan gijä galman uglerod zyňyndylaryny iň pese derejeä çenli azaltmagy ylalaşdylar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň sözlerine salgylanyp, tass.ru habar berýär.

«Uly ýediligiň» ýurtlary ählumumy derejede howanyň maýlamagyny 1,5 gradus töwerekden ýokarlandyrmazlyk üçin 2050-nji ýyla çenli galyndylary iň pes derejä ýetirmegi maksat edinýän bilelikdäki esasy borçnama gol çekýärler. Biz onuň 1,5 gradusda saklanmagy üçin elimizde baryny ederis» diýip, Ýewrokomissiýanyň başlygy öz Twitter sahypasynda ýazýar.
Şeýle hem ol sammitiň dowamynda kömür energetikasyndan tapgyrlaýyn el çekmek we onuň maliýeleşdirilmegini bes etmek hakynda ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Ol: «Uly ýedilik» boýunça hyzmatdaşlar ýuwaş-ýuwaşdan kömürden el çekmek barada ylalaşdylar. «Ýediligiň» ählumumy derejede kömür energetikasyny maliýeleşdirmegi bes etmek hakyndaky ylalaşygy — munuň özi tutuş dünýä ýüzüne güýçli duýduryş iberýän örän uly sepgitdir» diýip belledi.


düýn 23:53
3k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

07.06.2026 10:07
3.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......