Türkmenistanda «Ýylyň mugallymy - 2021» bäsleşiginiň jemi jemlendi

  • 15.06.2021 21:15
  • 20k+

Türkmenistanda Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän «Ýylyň mugallymy — 2021» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara 14-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berlişi ýaly, iň gowy pedogog adyny almak ugrunda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 25 sany mugallym bäsleşdi. Şolardan 7 sany ýeňiji saýlandy.
Baş baýrak — Gran-pri: Gurbangül Myradowa, uly mugallym (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty);
Birinji orun: Oguljan Atdaýewa, uly mugallym (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty);
Ikinji orun: Jumadurdy Annaorazow, uly mugallym, taryh ylymlarynyň kandidaty (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Orazgylyç Orazgylyjow, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty (M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti);
Üçünji orun: Nurmuhammet Muhammedow, mugallym (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty), Ejegül Berdiýewa, uly mugallym, himiýa ylymlarynyň kandidaty (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Çynar Hojamuhammedowa (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty).

Ýeňijilere degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


28.06.2026 23:39
3.8k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......