Eýran BMG-niň Baş Assambleýasynda ses bermek hukugyna gaýtadan eýe boldy

  • 15.06.2021 19:27
  • 5.9k+

Mälim bolşy ýaly, Eýran ýaňy-ýakynda gatanç tölegini tölemeýändigi sebäpli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ses bermek hukugyndan mahrum edilipdi. Indi bolsa ol bu hukugy gaýtadan dikeltdi diýip, cursorinfo.co.il habar berdi.

Ses bermek hukugyny Eýran 3-nji iýunda ýitiripdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyra ýazan hatynda Eýrany ses bermek hukugyndan mahrum etmek kararynyň ýatyrylandygyny aýtdy.
BMG-niň 19-njy Tertipnamasynda bir ýurduň karzy iki ýylyň gatanjynyň mukdaryndan artsa, onuň ses bermek hukugyndan mahrum ediljekdigi aýdylýar. Eýran bu mukdary yzyna gaýtardy we ses bermek hukugyny ýene dikeltdi.
Eýran bilen bir wagtyň özünde Merkezi Afrika Respublikasynyň (CAR) hem ses bermek hukugyny ýitirendigi habar berlipdi. Bu ýurt entek bergisini töläp bilmedi diýip, çeşme belleýär.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......