Ysraýylda haýwan derilerini satmak gadagan edilýär

  • 15.06.2021 17:39
  • 7.5k+

Ysraýyl Döwleti tebigy deriden taýýarlanan egin-eşikleriň satuwyna gadagan etmeleri girizýär. 1976-njy ýylda kabul edilen Haýwanlary goramak hakyndaky teklibe üýtgeşmeleri girizýän resminama ýurduň ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça ministri Gila Gamliel tarapyndan gol çekildi. Bu barada euronews.com habar berýär.

Ol Ysraýylyň milli derejede şeýle çäklendirme girizilen ilkinji döwlet bolandygyny aýdyp, bu çözgüdiň taryhy ähmiýetini belledi. «Biz Ysraýylyň egin-eşik bazaryny ekologiýa taýdan has arassa bolmagyny gazanýarys we haýwanlara hoşamaýlyk edýäris» diýip, Gamliel nygtaýar.
Rejelenen görnüşli söwda düzgünleri şu ýylyň dekabr aýynda güýje giriziler. Şol pursatdan başlap, gündelik ulanmak maksady bilen, tebigy deriden taýýarlanan önümleriň satuwy gadagan ediler. Düzgünleri bozanlara uly möçberli jerime salnar we 1 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler.
Ýöne bu ýerde käbir kadadan çykmalar hem göz öňünde tutuldy: dini adamlaryň kellesine geýýän ýörite başgaplary, ylmy barlaglar we bilim maksatlary üçin derileriň importy hem-de söwdasy gadagan edilmeýär. Milli däpleri saklamak bilen baglylykda, bu ugurdaky söwdany delillendirmek gerek bolar. 
Muňa garamazdan, käbir tankytçylar kadadan çykmalaryň köpdügini, gadagan etmeleriň bazaryň diňe belli bir bölegine degişligini aýdýarlar. Ýöne bu başlangyjyň tarapdarlary onuň möhüm ädimdigini we beýleki döwletler üçin hem nusgalykdygyny belleýärler.


23.04.2025 23:34
8.2k+

Airbus wodorod uçaryny çykarmagyň möhletini gijikdirýär. Onuň bahasy kompaniýa 1,7 milliard ýewro düşdi

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän nol zyňyndyly ýolagçy uçaryny çykarmak meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. Taslama 2020-nji ýylda hödürlenipdi...

06.07.2025 14:56
1.9k+

Xerox çap enjamlary bazarynda çökgünlikden halas bolmak üçin Lexmark kompaniýasyny $1,5 mlrd dollara satyn aldy

Xerox kompaniýasy Lexmark kompaniýasyny 1,5 milliard dollara satyn alyp, ofis çap tehnologiýalary boýunça tanalýan iki brendi bir kompaniýanyň düzüminde birleşdirdi. Bu birleşme ulanyjylaryň sanly çözgütlere geçýändigi sebäpli, çap işlerine bolan islegiň peselen döwründe bolup geçdi...

05.07.2025 18:44
4k+

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawa iri tehnologiýa korporasiýalary bilen bir hatarda meşhurlyk gazanan uly bolmadyk startaplar hem girýär. Sanawdaky kompaniýalar dürli kategoriýalara bölünýär: «Täzelikçiler», «Destruktorlar», «Liderler», «Titanlar» we «Öňbaşçylar»...

04.07.2025 11:51
1.6k+

Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň

Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir...