ÝUNISEF Türkmenistana lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy

  • 12.06.2021 16:32
  • 8.4k+

ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine Ýiti ýokanç kesellere garşy göreş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini goldamak maksady bilen lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy.

Olaryň içinde biohowply galyndylar üçin 17 müň sany haltajyk, galyndylary we ýokançlyklara gözegçiligi güýçlendirmek üçin 15 müň sany howpsuzlyk gutulary, pediatriýa hem-de reanimasiýa bölümlerinde enjamlaşdyrmak üçin 2 müň sany çaga tonometrleri bar.

“Bu zerur enjamlar öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärlerine ýokançlyklaryň öňüni alyp, galyndylara howpsuz çemeleşmek bilen gündelik wezipelerini ýerine ýetirmeklerini dowam etdirmäge ýardam eder. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurduň pandemiýanyň öňüni almak we sanjym etmek üçin umumy tagallalaryna kömek eder. ÝUNISEF esasy saglygy goraýyş hyzmatlarynyň berilmeginiň üznüksizligini üpjün etmekde Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer "-diýip, ÝUNISEF-iň wekiliniň orunbasary Aleksandru Narteanyň sözlerini Turkmenportal getirýär.

2020-nji ýylyň başynda pandemiýa garşy göreş başlanaly bäri ÝUNISEF we hyzmatdaşlar 153 ýurda we sebite maliýe hem-de tehniki goldaw berdiler.


21.03.2026 08:05
5.1k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

18.03.2026 19:44
2.6k+

2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek boýunça Aşgabatda maslahat geçirildi

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe bagyşlanan ylmy-amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäräni BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy gurady. Maslahatyň esasy mowzugy 2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek baradaky maksada ýetmek üçin görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy...

16.02.2026 14:19
4.2k+

Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy...

14.02.2026 10:55
16k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi

Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi...