Türkmenistan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtardy

  • 12.06.2021 13:27
  • 22k+

Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda resmi habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdeleri doly gaýtaryldy. Bu serişdeler türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we dünýädäki iň iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilipdi. Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow Hökümet mejlisiniň barşynda belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, görlen çäreleriň netijesinde, Türkmenistanyň öz ösüşiniň ýokary depginini, maliýe-ykdysady durnuklylygyny saklap galýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtarandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar. Türkmen Lideri wise-premýere gaz ulgamynda bar bolan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, täze özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 08:03
5.2k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

düýn 12:23
1.6k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....