BMG-niň ştab-kwartirasy 6-njy iýuldan ozalky iş tertibinde işläp başlar

BMG-niň ştab-kwartirasy 6-njy iýuldan ozalky iş tertibinde işläp başlar

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynyň işgärleri koronawirus pandemiýasy sebäpli ABŞ-nyň bu iri megapolisinde girizilen çäklendirmeleriň gowşadylmagy bilen baglylykda, 6-njy iýuldan başlap ýuwaş-ýuwaşdan gatnap işlenýän iş tertibine dolanarlar. Bu barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň guramanyň işgärlerine iberen hatynda aýdylýar diýip, TASS ýetirýär.

Hatda Nýu-Ýork şäherinde soňky aýlarda koronawirus ýokanjy bilen keselleýänleriň sanynyň azalandygy habar berilýär. Guterrişiň sözlerine görä, 6-njy iýuldan başlap binada ýerleşýän adamlaryň rugsat berilýän sanyna çäklendirmeler göz öňünde tutulyp, BMG-niň ştab-kwartirasy işleri ozalky tertipde alyp barmaga doly mümkinçilik berýän talaplara laýyk getiriler. Munuň özi 2021-nji ýylyň 6-njy iýulyndan, garaşylyşy ýaly, 2020-nji ýylyň martynda kesgitlenen goşmaça iş rejesine laýyklykda, hepdede 5 gün uzak aralykdan işleýän ähli işgärler düzüminiň iş ýerlerine dolanyp biljekdiklerini görkezýär.
Baş sekretar hatynda iýul aýynda edarada işgärleriň köpçülikleýin işe başlamajakdygyny, ilkibaşda olaryň hepdede bir ýa-da şondan köp gün işlejekdiklerini mälim etdi. Şunda käbir kadadan çykmalar hem bolup biler. Guterriş şeýle hem uzak aralykdan işlenýän işiň köp artykmaçlyklaryny nazara alyp, olaryň geljekde guramanyň işgärleri üçin iş rejesi düzülende göz öňünde tutuljakdygyna ynam bildirdi.