BMG-niň ştab-kwartirasy 6-njy iýuldan ozalky iş tertibinde işläp başlar

  • 09.06.2021 21:25
  • 4.2k+

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynyň işgärleri koronawirus pandemiýasy sebäpli ABŞ-nyň bu iri megapolisinde girizilen çäklendirmeleriň gowşadylmagy bilen baglylykda, 6-njy iýuldan başlap ýuwaş-ýuwaşdan gatnap işlenýän iş tertibine dolanarlar. Bu barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň guramanyň işgärlerine iberen hatynda aýdylýar diýip, TASS ýetirýär.

Hatda Nýu-Ýork şäherinde soňky aýlarda koronawirus ýokanjy bilen keselleýänleriň sanynyň azalandygy habar berilýär. Guterrişiň sözlerine görä, 6-njy iýuldan başlap binada ýerleşýän adamlaryň rugsat berilýän sanyna çäklendirmeler göz öňünde tutulyp, BMG-niň ştab-kwartirasy işleri ozalky tertipde alyp barmaga doly mümkinçilik berýän talaplara laýyk getiriler. Munuň özi 2021-nji ýylyň 6-njy iýulyndan, garaşylyşy ýaly, 2020-nji ýylyň martynda kesgitlenen goşmaça iş rejesine laýyklykda, hepdede 5 gün uzak aralykdan işleýän ähli işgärler düzüminiň iş ýerlerine dolanyp biljekdiklerini görkezýär.
Baş sekretar hatynda iýul aýynda edarada işgärleriň köpçülikleýin işe başlamajakdygyny, ilkibaşda olaryň hepdede bir ýa-da şondan köp gün işlejekdiklerini mälim etdi. Şunda käbir kadadan çykmalar hem bolup biler. Guterriş şeýle hem uzak aralykdan işlenýän işiň köp artykmaçlyklaryny nazara alyp, olaryň geljekde guramanyň işgärleri üçin iş rejesi düzülende göz öňünde tutuljakdygyna ynam bildirdi.


şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

11.06.2026 12:12
8.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....