Ýaponiýada çaga dogluşynyň iň pes derejesi hasaba alyndy

Ýaponiýada çaga dogluşynyň iň pes derejesi hasaba alyndy

Geçen ýyl Ýaponiýada soňky ýüzýyllygyň içinde çaga dogluşynyň iň pes derejesi hasaba alyndy diýip, Ýaponiýanyň hökümet maglumatlaryna salgylanyp, Sinhua ýazýar. Bu barada nikvesti.com habar berýär.

Geçen ýyl Ýaponiýada doglan çagalaryň sany 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 24 407 adam azalyp, ilkinji gezek 900 müňden aşak düşüp, 840 832-ä ýetdi. Täze doglan çagalaryň şeýle sany 1899-njy ýylda hasap ýöredilip başlany bäri iň pes derejedir – diýlip, materialda aýdylýar.

Ýapon hökümetiniň baş sekretary Kasunobu Katonyň aýtmagyna görä, barha ýaramazlaşýan milli demografiki çökgünlik ýurduň esasyny gowşadyp biler.

Çagalaryň sanynyň azalmagy biziň jemgyýetimiziň we ykdysadyýetimiziň esasyny gowşadyp biljek meseledir. Onuň çözülmegi ileri tutulýan ugur bolmalydyr – diýip, Kasunobu Kato aýtdy.

Ol çagalaryň dünýä inmegi we terbiýelenmegi üçin jemgyýetde bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga çagyrdy. Analitikleriň maglumatlary boýunça, şu ýyl hem Ýaponiýada çaga dogluş derejesi peselmegini dowam etdirer we diňe 700 müň töweregi çaga dünýä iner.