Ekogurluşyk: Ispaniýada sementiň ýerine kül ulanylýar

Ekogurluşyk: Ispaniýada sementiň ýerine kül ulanylýar

Şeýle seredeniňde, Walensiýanyň golaýynda gurulýan awtomagistralyň täze bölegi adaty ýollardan tapawutly däl. Ýöne onuň ýokarky böleginde syr saklanýar. Onda täzeçil tehnologiýalaryň kömegi bilen «Acciona» ispan potratçysy sementiň ýerine kagyz külüni peýdalanýar. Ol ýol örtüginiň berkligini ýokarlandyrýar. 

Kompaniýanyň wekili Huan Hose Pamplon euronews.com-yň habarçysyna öz girizen täzelikleri barada gürrüň berdi: «Ýol gurlanda, bize iň berk materiallar gerek. Şonuň üçin biz adaty ýagdaýda sement ulanýarys. Ýöne kagyzyň küli diňe bir tehniki talaplara laýyklykda oňa meňzeş däl, eýsem, kül ekologiýa taýdan has arassa! Taslamadan garaşylýan netije örän uly. Hasaplamalarymyza görä, biz uglerodyň ikili oksidiniň 65-75 göterimini, onuň möçberini has artdyrsak bolsa, 18 müň tonna sementi tygşytlap bileris».
Onuň bähbitli tarapy diňe bir kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaldýanlygynda jemlenmeýär. Kagyz külüni — kagyzyň ýanan galyndylaryny we sellýulozany ulanmak bilen, kompaniýa zyňyndylary gerek bolan resursa öwürýär.
Bu taslama kompaniýanyň häzir amala aşyrýan üç gurluşygynyň biri. Ýöne olar küli ilki milli derejede, soňra bolsa halkara derejede ulanmaklygy meýilleşdirýärler. «Acciona» topary «PaperChain» taslamasynyň gatnaşyjysy bolup durýar. Onuň maksady Ýewropanyň kagyz we sellýuloza galyndylary senagatyny peýdalanmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda bu pudakda önümçiligiň ýyllyk möçberi 130 million tonna barabar bolup, dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýar.