Ученые раскрыли тайну­ происхождения арбузо­в

  • 02.06.2021 21:48
  • 17k+

Alymlar ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen ähli görnüşleriniň DNK-synyň kömegi bilen, garpyzlaryň Afrikanyň demirgazyk-gündogaryndaky ýabany ekinleriň ata-babalaryndan gelip çykan bolmagynyň mümkindigini anykladylar. Şunuň bilen bagly geçirilen ylmy barlag "Proceedings of the National Academy of Sciences" neşirinde çap edildi. Muny cursorinfo.co.il habar berdi.

Ondan öň garpyzlar Günorta Afrika limon gawuny bilen bir kategoriýa degişli edilýärdi. Şeýle-de bolsa, barlagçylar Kordofan gawuny (C. lanatus) diýlip atlandyrylýan eti ak garpyzyň Sudan görnüşiniň öý garpyzlarynyň iň ýakyn garyndaşydygyny ýüze çykardylar. Genetiki barlaglar mundan 4000 ýyl ozal Nil jülgesinde garpyzyň desert hökmünde iýlen bolmagynyň mümkindigini görkezýär.

"DNK-nyň esasynda, biziň häzirki eti süýji we köplenç gyzyl reňkde bolýan garpyzlaryň genetiki taýdan Günbatar we Demirgazyk-Gündogar Afrikanyň ýabany ösümlik görnüşlerine has ýakyndygyny anykladyk" diýip, Waşington uniwersitetiniň sungat we ylym çygrynda biologiýa kafedrasynyň hormatly professory Suzan S.Renner aýtdy. Şeýle hem ol häzirki garpyzlaryň genetiki gorunyň örän "garypdygyny" we dürli heňler, beýleki kömelekler, wiruslar we nematodlar (gurçuklar) ýaly kesellere we zyýanly mör-möjeklere garşy juda ejizdigini nygtady.

Alymlaryň bellemegine görä, häzirki wagtda garpyzyň kesel görnüşlerine garşy has çydamly görnüşini ösdürip ýetişdirmek ugrunda işler alnyp barylýar.
Bu ylmy barlagy ABŞ-nyň Itakadaky (Nýu-Ýork) Oba hojalygy ministrliginiň, Londondaky Kýu korollyk botanika bagynyň we Şeffild uniwersitetiniň kärdeşleri bilelikde geçirdiler we ol kesele garşy has çydamly garpyz görnüşini ösdürip ýetişdirmekde peýdaly bolup biler diýip, çeşme belleýär.

вчера 16:22
2.7k+

Нидерланды первыми в Европе разрешили автопилот Tesla на дорогах автопилот Tesla

Нидерланды стали первой страной в Европе, где разрешили использовать автопилот Tesla на дорогах общего пользования. Об этом сообщает Reuters....

вчера 12:25
4.7k+

10-летняя девочка призвала NASA вернуть Плутону статус планеты и получила ответ 

Десятилетняя девочка по имени Каэла обратилась к NASA с просьбой вернуть Плутону официальный статус планеты, сообщает газета The Times of India. ...

вчера 12:23
2.8k+

Мэн станет первым штатом США, запретившим строительство крупных дата-центров

Штат Мэн планирует первым в США заморозить строительство новых крупных дата-центров с энергопотреблением от 20 МВт до ноября 2027 года. Законопроект направлен на защиту энергосетей и оценку экологического......

вчера 12:13
3.4k+

125 тысяч лет назад панцири черепах использовали в качестве посуды

Археологи из Германии и Нидерландов обнаружили первые доказательства того, что северные популяции неандертальцев охотились на европейских болотных черепах не ради выживания, а для изготовления......