«Awazada» awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy

  • 29.05.2021 15:04
  • 16k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda Dolandyryş merkeziniň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň hasabat bermegine görä, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi. Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.
Şeýle hem möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şu maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da, wideogözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy babatda çäreler görüldi. Suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy. Guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.
Dolandyryş merkeziniň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimliklerinde döredilen şahamçalarynda nobatçylyk guralyp, ýüz tutýan raýatlara degişli maslahatlar berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler üçin wagyz-ündew çäreleri geçirildi.


05.06.2025 12:03
8.4k+

Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy

4-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan...

30.05.2025 11:34
4.4k+

2 — 7-nji iýunda “Awazada” halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B...

18.05.2025 13:42
3.3k+

Hökümet mejlisinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri barada aýdyldy

Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş - sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredilýär...

02.05.2025 16:06
5.5k+

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi...