Turin 2022-nji ýylda «Ýewrowideniýäni» kabul edip biler

  • 25.05.2021 14:35
  • 3.1k+

Italiýanyň Turin şäheriniň häkimligi «Ýewrowideniýe-2022» aýdym-saz bäsleşigini öz şäherlerinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Häzirki wagtda aýdym-saz bäsleşiginiň we Italiýanyň häkimiýetleriniň wekilleri bu çäräni geçirmek üçin iň amatly ýeri saýlamagyň üstünde işleýärler.

"Bu habara garaşmak bilen, biz şu günüň özünde Turiniň kandidaturasynyň üstünde işläp başlarys"-diýip, şäheriň häkimi Kiara Appendino sosial ulgamlarda mälim etdi.

Italiýanyň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, ýaryşyň finalynyň öňüsyrasynda “Rai” döwlet telewideniýesiniň ýolbaşçylary "Ýewrowideniýäni" Turinde ozal hem geçirmekçi bolandyklaryny aýtdylar. Bu pikir 2017-nji ýylda ara alnyp maslahatlaşylypdy we şol wagt italýan aýdymçysy Françesko Gabbana ýaryşda öňdebaryjy hasaplanýardy.

"Şonda biz iki gezek duşuşdyk we Turin iň laýyk ýerdi"-diýip, şol wagt teleradio kompaniýasynyň müdiri aýdypdy.

düýn 11:27
4.4k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

27.06.2025 23:34
2.8k+

«Ýadro gyşy» Vogue bilen hoşlaşýar: Anna Wintur baş redaktorlyk wezipesinden çekilýär

Britaniýaly žurnalist we moda dünýäsiniň iň täsirli şahsyýetleriniň biri hasaplanýan Anna Wintur «Vogue» amerikan žurnalynyň baş redaktory wezipesinden çekilýär. Ol bu wezipede 37 ýyl işledi diýip, «Condé Nast» mediakompaniýasyna salgylanyp, CNN habar berýär...

26.06.2025 14:41
3k+

Farrell Uilýams we Jekson Wan bilelikde döredilen ýaryş stilindäki geýim ýygyndysyny hödürlediler

Gonkongly repçi Jekson Wan tarapyndan esaslandyrylan Team Wang Design we prodýuser hem-de Louis Vuitton-yň döredijilik müdiri Farrell Uilýams tarapyndan döredilen Billionaire Boys Club brendi täze hyzmatdaşlygy yglan etdi...

24.06.2025 18:01
4k+

Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesini terk edýär

Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesinden gidýär. WWD-niň habar bermegine görä, çözgüt ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda kabul edildi. D’Attis 30-njy iýuna çenli işini dowam etdirer. Şondan soň brende wagtlaýyn ýolbaşçylyk Prada Group-yň ähli aktiwlerine gözegçilik edýän Andrea Guerra geçer...