Nemes we fin alymlary uglerodyň täze görnüşini tapdylar

  • 25.05.2021 12:00
  • 4.3k+

Germaniýanyň Marburg uniwersitetiniň we Finlýandiýanyň Aalto uniwersitetiniň ylmy barlagçylary uglerodyň täze görnüşini tapdylar. Onuň galyňlygy bir atoma barabar diýip, Interfax habar berdi.

"Uglerod ulgamy edil grafen ýaly bir atom galyňlykda, ýöne tertipli gözenegi emele getirýän kwadratlardan, altyburçluklardan we sekizburçluklardan ybarat. Olar ýokary mümkinçilikli skanirleýän zond mikroskopiýasy arkaly toruň özboluşly gurluşyny tassykladylar we olaryň elektroniki häsiýetleriniň grafeniňkiden has tapawutlydygyny anykladylar"-diýlip, habarda aýdylýar.

Ýarymgeçiriji bolan grafende her uglerod atomy ýene üç atom bilen baglanyşyp, altyburçly balary öýjügini emele getirýär. Grafenden we uglerodyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, täze material diýlip atlandyrylýan bifenilen tor metalyň häsiýetlerine eýedir.


düýn 17:03
6.3k+

Tanis şäherinden tapylan 225 heýkeljik mazarda ýatan faraonyň adyny anyklamaga ýardam etdi

Arheologlar Nil deltasyndaky gadymy Tanis şäherinde ýerleşýän şa mazaryndan 225 sany jaýlamak üçin niýetlenen heýkeljik tapdylar. Bu artefaktlaryň ýüzündäki nyşanlar atsyz sarkofagda ýatan merhumyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berdi: ol faraon Şeşonk III bolup çykdy...

düýn 15:06
3.5k+

400 müň ýyllyk oduň yzy tapyldy: neandertallar Homo sapiens-den has öň ot ýakypdyr

Arheologlar Suffolk graflygyndaky arheologik ýadygärligiň çäginde adamlaryň 400 müň ýyl mundan ozal – öňki hasap edilenden tas 350 müň ýyl ir ot ýakmagy öwrenendigine subutnama tapdy. Ylmy gözleg Nature žurnalynda neşir edildi...

14.12.2025 23:36
5k+

Geň soňlama: Hytaýda daşdan düwnüp heläk bolan gadymy guş tapyldy

Paleontologlar Hytaýyň Týanýu Tebigy Taryh Muzeýiniň zat saklanýan ýerlerinde adaty bolmadyk açyş etdiler. Geçirilen barlagda öň mälim bolmadyk guş görnüşiniň köp sanly ýuwdulan daşlardan düwnüp ölendigini görkezýän galyndy tapyldy...

12.12.2025 16:06
5.1k+

Pasha adasyndaky äpet daş tokgalary bäsdeşligiň netijesi bolup çykdy – täze barlag

Öň Pasha adasyndaky ýüzlerçe äpet daş tokgalary ýerli jemgyýetiň wekilleri tarapyndan bir serdaryň ýolbaşçylygynda döredilen diýlip hasaplanýardy. Ýöne täze barlagyň awtorlary bu tassyklamany şübhe astyna aldylar...