Daşky görnüşi boýunça iň gowy banany nädip saýlamaly

  • 25.05.2021 11:16
  • 15k+

Banan gündelik durmuşymyzda giňden ýaýran miweleriň biri. Köpler ony tagamly, ýokumly we süýji bolandygy üçin gowy görýärler. Muňa garamazdan, köp adamlaryň banany satyn alanyňda nähili dogry saýlamalydygyny bilmeýän bolmagy ähtimal. Eger şeýle bolsa, Hytaýyň «Sohu» neşiri bananyň iň gowularyny onuň daşky görnüşine üns berip, nähili saýlap boljakdygyny düşündirýär. Bu barada newinform.com belleýär.

Analitikler bananyň göni we egri bolýandygyny ýazýarlar. Köplenç, alyjylaryň köpüsi miwäniň haýsy görnüşini saýlamaly diýen sorag bilen ýüzlenýärler. Makalanyň awtorlary bananyň doly bişýänçä, göni bolýandygyny belleýärler. Bişip ýetişme prosesinde miwe ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylyga tarap ösýär, şol sebäpli hem ol egrelýär, bu banan salkymynyň bagdaky tebigy ýagdaýy bilen baglydyr.
Köp satyjylar daşamak amatly bolar ýaly, heniz doly bişmedik miweleri ýygnaýarlar we soň olary bellenilen ýere barýança zaýalanmaz ýaly daşaýarlar. Bu usul bananlara hem degişlidir. Olary doly bişmedik mahaly ýygnap, dükanlara eltýärler we bişensoň satyp başlaýarlar. Hut şonuň üçin alyjy käbir bananlaryň göni, käbirleriniň bolsa egridigini görüp biler. Şeýlelikde, göni miweler bilen deňeşdirilende, egri miweler has bişen we süýji bolýar, ýöne olary çalt zaýalanýandygy üçin, saklamak kyn bolýar.

22.06.2026 14:18
7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......