COVID-19 Ewereste baryp ýetdi

  • 26.04.2021 23:19
  • 17k+

Koronawirus dünýäniň iň beýik dag depesi bolan Ewereste hem baryp ýetdi. Dag bir ýyldan gowrak wagt bäri ýapyk bolup, daga çykmak möwsümi ýaňy-ýakynda açyldy.

BBC rus gullugy alpinistleriň biriniň, ýagny norwegiýaly Erlend Nessiň 15-nji aprelde alyp gaýtmak üçin dikuçar çagyrylýança, alty günläp dagda özüni erbet duýandygyny ýazýar. Ol hassahana äkidildi, netijede onda COVID-19 ýüze çykaryldy. Häzir Nessiň sagalandygy we Nepalyň paýtagty Katmanduda dostlarynyň ýanynda bolýandygy habar berilýär. Muny Day.Az ýetirýär.
Ness Nepalyň Gimalaý daglaryndaky Khumbu jülgesindäki adaty çaýhanalaryň birinde keselläp bilendigini çaklaýar. Onuň aýtmagyna görä, ýolda hiç kim diýen ýaly – alpinistler hem, ýerli ýaşaýjylar hem örtük dakynmaýarlar.
Soňrak bu kesel norwegiýalynyň toparyna ýoldaş bolan ýerli ugradyjylaryň birinde ýüze çykaryldy. Ewerest dagyna çykmagyň başlangyç tapgyrynda käbir alpinistlere ýolbelet hökmünde şerpler – ýerli halkyň wekilleri ýoldaş bolýarlar.
Nepal üçin bu diýseň oňaýsyz ýagdaý. Ýurt Ewerest dagynda alpinizmden gelýän girdejä (ýylda, takmynan, 4 mln dollar) bagly bolýar, möwsüm bolsa açylyp ýetişmänkä, howp astyna galdy.

düýn 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......