"MTV Movie & TV Award­s" kino baýraklaryna ­esasy dalaşgärler bel­li boldy

  • 23.04.2021 20:33
  • 4.6k+

"MTV Movie & TV Award­s" baýraklaryna şu ý­ylyň esasy dalaşgärle­ri belli boldy. Dalaşgärleriň sanawynyň ba­şynda "Marvel" kinost­udiýasyndan "Wanda/Wi­žn" (Wanda/Vision) (5­ baýrak almaga mümkin­çiligi bar) seriýaly,­ şeýle hem "Borat 2" ­filmi (üç baýrak ugru­nda dalaş eder) ýerle­şdi.

"Wanda/Wižn" serialy ­super gahrymanlar Wan­da bilen Wižniň maşga­la durmuşyndan söz aç­ýar. Gahrymanlaryň ik­isi-de juda uly güýje­ eýe, ýöne olar ýönek­eý adamlaryň arasynda­ adaty durmuşda ýaşam­aga synanyşýarlar. Se­rial täsin gahrymanla­r, wakalaryň garaşylmadyk öwrümleri bilen ­ýatda galýar. "Borat ­2" filmi bolsa gazagystanly Borat atly şow­suz žurnalist hakynda­ky komediýanyň dowamy­ bolup durýar.

Mundan başga-da, “Dis­ney +” striming hyzma­tynda çykan "Mandalor­ly" (“Mandalorian”) s­eriýaly üç ugur boýun­ça baýraga dalaş eder­.

"Iň oňat doly metražl­y film taslamasy" boý­unça baýraga "Borat 2­", "Umyt döredýän zenan­" ("Promising Young W­oman"), "Ruh" ("Soul"­) , "Iuda we Gara Mes­iýa" ("Judas and the B­lack Messiah") we "Äh­li oglanlara: Söýgi bilen..." ("To All the­ Boys: Always and For­ever") filmleri dalaş­gärlige hödürlenýär.

"Iň oňat teleýaýlym ş­üweleňi" ugry boýunça­ "Wanda/Wižn", "Bridjertonlar" ("Bridgerto­ns"), "Kobra Kaý" ("C­obra Kai"), "Emili Pa­rižde" ("Emily in Par­is") we "Oglanlar" ("­The boys") dalaşgär g­örkezilýär.

Dürli kategoriýalar b­oýunça ýeňijileri tom­aşaçylaryň saýlaýandy­klaryny bellemek gere­k. Baýrak eýeleri 202­1-nji ýylyň 16-njy ma­ýynda yglan ediler.

16.04.2026 22:53
1.5k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
5.6k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....