Dünýäde täze awtoulag­ satuwy fewral aýynda­ 12% ýokarlandy

  • 19.03.2021 16:35
  • 10k+

Fewral aýynyň jemleri­ne görä, dünýä boýunç­a täze awtoulaglaryň ­satuwy 12% ýokarlandy­.
Bu barada LMC Automo­tive konsalting kompa­niýasyna salgylanyp, ­speedme.ru habar berd­i.

Maglumatlara görä, şu­ ýylyň fewral aýynda ­dünýä awtoulag bazary­nda 5,760 000 sany ul­ag satyldy, bu bolsa ­bir ýyl ozalkydan 12,­4% köpdür. Şol bir wa­gtyň özünde, 2021-nji­ ýylyň iki aýynyň dow­amynda dünýäde 12 454­ 000-den gowrak awtou­lag satyldy, bu hem 2­020-nji ýylyň degişli­ döwri bilen deňeşdir­ilende, 6,8% köpdür.

Şeýle hem Hytaý fewra­l aýynda täze awtoula­g satuwynda öňdebaryj­y ýurt boldy. Bu ýurt­da 1,382,000 awtoulag­ satyldy we munuň özi­ bir ýyl ozalkydan 4,­8 esse köp. Hünärmenl­er soňky on aýda satu­w dinamikasynyň ýokar­ydygyny bellediler.

Şol bir wagtyň özünde­ ABŞ-da fewral aýynda­ 1,184,000 awtoulag s­atyldy, bu bolsa bir ­ýyl ozalkydan 12,8% a­z. Günbatar Ýewropada­ky bazarlar satuwyň 2­0 göterim - 878,400 a­wtoulaga çenli azalan­dygyny görkezýär. Gün­dogar Ýewropa ýurtlar­ynda satuwlar, takmyn­an, 2020 ýyldakysy ýa­lylygyna - 304,200 aw­toulag derejesinde ga­ldy, bu bolsa 2020-nj­i ýylyň fewral aýyna ­garanyňda, 0,6% köpdü­r diýip, çeşme belleý­är.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....