Ummanyň çuň ýerlerini öwrenmek üçin ýumşak robot döredildi

Ummanyň çuň ýerlerini öwrenmek üçin ýumşak robot döredildi

Alymlar ummanyň iň çuň ýerlerini öwrenmek maksady bilen, balykdan nusga alyp ýumşak robot döretdiler. Ol enjam özbaşdak işlemäge ukyply bolup, ol ummanyň iň çuň çöketliklerinddäki basyşa hem çydamlydyr. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Barlagçylaryň habar bermegine görä, robot ummanyň iň çuň ýeri bolan Marian çöketliginde hem işlemäge ukyply. Bellenilişi ýaly, adaty suwasty robotlar ummanyň çuňlugynda ýokary basyşa garşy durmak üçin metal materiallardan suw geçirmeýän örtüklere mätäç. Muňa garamazdan, täze robotda ähli gowşak elektron bölekler utgaşdyrylyp, ýumşak silikonda ýerleşdirildi, bu bolsa basyşa çydamly korpusa bolan zerurlygy aradan aýyrýar.
Ilkibaşda robot basyş astynda suwly kamerada synag edildi, soňra 70 metr çuňlukda kölde erkin ýüzüp, tizligi sekuntda 3,16 santimetr artdyryp, synagdan geçirildi. Soňlugy bilen ony Günorta Hytaý deňzinde, takmynan, 3200 metr çuňlukda we ahyrynda Mariana çöketliginde synag edildi.