AnTuTu fewral aýynyň iň kuwwatly smartfonlaryny belli etdi

  • 04.03.2021 12:21
  • 17k+

Meşhur AnTuTu bençmarkynyň topary Android operasion sistemasyna esaslanýan iň kuwwatly flagman smartfonlarynyň aýlyk reýtingini neşir etdi diýip, bobruin.by habar berýär.

Reýtingiň ilkinji dört ornuny bir kristally Qualcomm Snapdragon 888 flagman ulgamyna esaslanýan iň täze modeller eýeledi. Birinji orny 726 939 bal bilen yzygider ikinji aý iQOO 7 eýeleýär. Ikinji orunda 726 925 bal bilen Vivo X60 Pro+ ýerleşýär. Bir hepde mundan ozal hödürlenilen flagman Redmi K40 Pro üçünji orny eýelemegi başardy. Ol 718 434 bal toplady. Xiaomi Mi 11 pese gaçmagyny dowam edýär, eger ol dekabr aýynyň reýtinginde birinji orny, ýanwar aýynda – ikinji orny eýelän bolsa, häzir 712 366 bal bilen dördünji orunda ýerleşdi.
Bäşinji orny 683 919 bal bilen SoC Kirin 9000 prosessoryna esaslanýan Huawei Mate 40 Pro, altynjy orny 679 159 bal bilen Snapdragon 888 göterijisi Samsung Galaxy S21 Ultra eýeledi.
Ýedinji orun 668 471 bal gazanan, Snapdragon 870-e esaslanýan Redmi K40 smartfonuna degişli boldy. Onlugyň soňky üç ornuny Oppo Reno5 Pro+ (667 456), Redmi K30S Extreme Edition (666 043), iQOO 5 (661 609) eýeledi.
Orta derejeli smartfonlaryň arasynda ilkinji iki orny, degişlilikde 404 306 we 398 570 bal bilen Redmi 10X 5G we 10X Pro 5G eýeleýär. Üçünji orunda 395 082 bal bilen Vivo S7t ýerleşdi.
Maglumatlar 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 1-inden 28-i aralygynda ýygnaldy.

şu gün 10:31
3.3k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
975

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......