Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Çelsi» we «Bawariýa» ýeňiş gazandy

  • 24.02.2021 08:29
  • 9.2k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Madridiň «Atletikosy» «Çelsiden» utuldy. Duşuşyk Buharestde «Nasional» stadionynda geçirildi we londonly klubuň 1:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşygyň 68-nji minudynda «Çelsiniň» hüjümçisi Oliwýe Žiru owadan üstaşyr urgusy bilen topy derwezä gönükdirdi. Ilkibaşda gapdal emin oýundan daşardaky ýagdaýy hasaba aldy, emma VAR gözegçiliginden soň emin goly hasaba aldy. «Atletiko» ýer eýesi hökmünde meýdança çykypdy. Epidemiologik ýagdaý zerarly dörän kynçylyklaryň netijesinde futbol duşuşygyny bitarap meýdançada geçirmeli boldy.

Tapgyryň ugurdaş duşuşygynda Rimiň «Olimpiko» stadionynda «Lasio» öz meýdançasynda Mýunheniň «Bawariýasyny» kabul etdi. Duşuşyk mýunhenlileriň 4:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.
9-njy minutda Robert Lewandowskiý hasaby açdy. 24-nji minutda Jamal Musaila hasaby 2:0 etdi. 42-nji minutda Leroý Zane üçünji pökgini girizdi. 47-nji minutda «Lasiodan» Françesko Açerbi öz derwezesine pökgi girizip, hasaby 4:0 etdi. Iki minut soň, Hoakin Korrea ýeke-täk jogap pökgüsini girizmegi başardy.
Bu klublaryň arasyndaky jogap duşuşygy 18-nji martda 01:00-da (Aşg. wagty bilen) geçiriler.
25-nji fewralda gije sagat 01:00-da «Atalanta» Madridiň «Realy», «Mançester Siti» bolsa, Mönhengladbahyň «Borussiýasy» bilen duşuşar.

düýn 14:53
6.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....