Aýdymçy Ariana Grande nobatdaky gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 06.02.2021 16:26
  • 19k+

Amerikaly aýdymçy we aktrisa "Grammi" baýragynyň eýesi Ariana Grande Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bu üstünligi “Positions” atly täze albomy bilen gazandy diýip, popcornnews.ru habar berdi.

Albomyň aýdymlary ilkinji hepdede bäş gezek “Billboard Hot 100”-iň 1-nji setirine çykdy. Bu rekord Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy. Bu Ariana Grandeniň döredijiliginde ilkinji üstünlik däl. Ol 8 ýyllyk karýerasynda eýýäm 20 gezek aýdym-saz rekordyny goýdy we şeýle üstünlikleri gazanan ýeke-täk aýdymçy boldy.
2019-njy ýylda Ariana “The Beatles”-iň 55 ýyllyk rekordyny täzeläpdi. “Billboard” žurnalynyň habaryna görä, onuň üç kompozisiýasy ABŞ-da hepdäniň iň meşhur 100 aýdymynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Onuň “Sweetener” diski iň gowy pop albomy diýlip ykrar edilip, "Grammi" baýragyny aldy.
Aýdymçy, şeýle hem, YouTube-yň ykrar edilen ýyldyzydyr. Onuň "Thank U, Next" aýdymynyň klibi günde 47 milliondan gowrak gezek tomaşa edilýär. Klibiň düşürilişine Troýa Siwan, Kris Jenner, Jennifer Kulij, Jonatan Bennet ýaly köp sanly ýyldyzlar, şeýle hem doly düzümde “Ýeňiji-Wiktoriýa” serialynyň aktýorlary gatnaşdylar.

düýn 13:07
2.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....