Aşgabatda iş saparynda bolan hünärmen “EpiWakKorona” sanjymy barada gürrüň berdi

  • 03.02.2021 16:19
  • 15k+

Türkmenistanda “EpiWakKorona” sanjymynyň bellige alynmagy bilen bagly Aşgabada iş saparyny amala aşyran, Rospotrebnadzoryň Merkezi ylmy barlag institutynyň kliniki we seljeriş işi boýunça müdiriniň orunbasary Natalýa Pşeniçnaýa bu derman serişdesiniň nähili täsir edýändigini gürrüň berdi.

Hünärmen sanjymyň 18 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky adamlar üçin maslahat berilýändigini, ýöne bellige alnyşdan soňky synaglaryň heniz dowam edýändigi sebäpli, bu sanjymy ulanmaga degişli görkezmeleriň giňeldilip bilinjekdigini belledi. 
Sanjym üçin derman serişdesiniň iki gezek goýberilmegi göz öňünde tutulýar, ýöne beýleki sanjymdan – “Sputnik V-den” tapawutlylykda, “EpiWakKoronanyň” birinji we ikinji komponenti doly derejede meňzeş.

“Sanjymyň bir ampulasy iki özara çalşylýan komponenti öz içine alýar. Häzir pandemiýa sanjymlarynyň ählisi iki komponentiň esasynda döredilýär, sebäbi wirus düýbünden täze. Birinji doza immun ulgamyny işjeňleşdirýär, antibedenjikleriň sintezini höweslendirýär, ikinjisi hem antibedenjikleriň sintezini güýçlendirmek we ony gorag derejesine çykarmak üçin niýetlenendir. Çünki antibedenjikleriň bar bolup, ýeterlik däl wagtlary hem bolýar” – diýip, Pşeniçnaýa ORIENT bilen söhbetdeşlikde düşündirdi.

Şonuň bilen birlikde, hünärmen immunitetiň 6-10 aý saklanjakdygyny belleýär.
Mundan başga-da, “EpiWakKorona” hroniki keselleri bolan adamlar üçin hem howpsuz hasaplanylýar, sebäbi ol himiki biosinteziň esasynda döredilýär we onuň düzüminden immun jogabynyň antibedenjiklere baglylykda güýçlenmegine jogap berýän komponent aýrylýar.

“Ýöne şeýle adamlara sanjym edilende bu mesele aýratynlykda çözülmeli, her ýagdaýda peýdanyň we töwekgelçiligiň üstünde durmaly” – diýip, Pşeniçnaýa sözüniň üstüni ýetirdi.

Gipertoniki keseliň agyr görnüşi bolan adamda sanjyma garaşmak gaharjaňlygy, nerw dartgynlylygyny döredip biler. Şeýle ýagdaýlarda güýçli tolgunma gipertoniki çökgünlige sebäp bolup biler.

“Sanjym edilýän adamda hroniki patologiýanyň, ýiti ýokanç keselleriň güýjemesi bolmaly däldir. Sebäbi şeýle ýagdaýda organizmiň ähli güýji ýa-ha ýiti ýokanja garşy göreşmäge, ýa-da hroniki keseliň güýjemesini ýok etmäge sarp edilýär. Bu sanjymyň pes netijeliligine ýa-da organizmiň patologiki täsirine sebäp bolup biler” – diýip, hünärmen aýtdy.

Seýrek ýagdaýlarda sanjym temperaturanyň gysga wagtlaýyn we çala ýokarlanmagy, ýerli reaksiýa bilen geçip biler. Sanjym wagtynda sanjym edilen ýerde birneme çiş hem bolup biler, ýöne bu belli bir kada çägindedir.

düýn 23:14
3.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....