Noýer gol geçirtmedik oýunlarynyň sany boýunça Oliwer Kan bilen deňleşdi

  • 22.01.2021 14:42
  • 5.2k+

Germaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň çäginde "Bawariýa" myhmançylykda "Augsburg" bilen duşuşdy. Oýun Hans-Diter Flikiň şägirtleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

OptaFranz-yň "Twitter"-de belleýşi ýaly, 34 ýaşly derwezeban Manuel Noýer Germaniýanyň çempionatynda gol geçirtmedik oýunlarynyň sanyny 196-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol mýunhenli toparyň rowaýaty derwezebany Oliwer Kanyň üstünligini gaýtalady.
Soňky ýeňşinden soň “Bawariýa” 39 utuk toplap, Germaniýanyň çempionatynyň 2020/2021 möwsüminde birinji ýerde durýar. "Augsburg" hem öz gezeginde 19 utuk bilen 12-nji ýerde ýerleşýär. Bäsleşigiň ilkinji üçlügine şu wagt "RB Leipzig" (35) we "Baýer" (32) girýär.
Bundesliganyň indiki tapgyrynda "Bawariýa" "Şalke-04" bilen duşuşar.

düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....