“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy

  • 21.01.2021 19:08
  • 6.2k+

"NPD Group" analitik firmasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçen - 2020-nji ýylyň bütin dowamynda oýun satuwynyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Sanawda birinji orny “Call of Duty: Black Ops Cold War”, ikinji orny bolsa “Call of Duty: Modern Warfare” franşizasy eýeledi. Umumy netije boýunça “Call of Duty” franşizasy bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy. Bu barada tech.sm.news habar berdi.
"The Last of Us Part II" oýny 2020-nji ýylda iň köp satylan “PlayStation” oýny boldy, şeýle hem ol umumy sanawda iň köp satylan altynjy oýun hökmünde bellendi. Bary-ýogy alty aýlyk satuwy bilen ol “Sony Interactive Entertainment”-iň şu güne çenli ABŞ-da iň köp satylan üçünji taslamasy bolup durýar. Bu babatda ol diňe "Marvel"-iň 2018-nji ýyldaky “Spiderman” we “God of War” oýunlaryndan yza galýar.

31.05.2026 18:06
2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

30.05.2026 08:05
3.2k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

29.05.2026 23:10
1.8k+

Lego Land Rover Defender wnedorožniginden we Jaguar Project 7 rodsterinden ybarat täze toplum çykarýar

Lego Speed Champions seriýasynyň hataryna 740 bölekden ybarat bolan täze toplum goşuldy. Bu toplum birbada Britaniýanyň meşhur awtomobilleriniň ikisini: Land Rover Defender wnedorožnigini we Jaguar Project 7......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......