"Ar alyjylar" ekranlara gaýdyp geler

  • 14.01.2021 21:01
  • 11k+

“Marvel” studiýasynyň ýolbaşçysy Kewin Faýgi "Ar alyjylar" (“Avengers”) super gahrymanlar toparynyň kino dolanyp geljekdigini wada berdi. Ol bu barada IGN bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, kulturomania.ru habar berýär.

Söhbetdeşlikde ondan iň meşhur super gahrymanlar franşizasynyň dowamy barada soraldy. Faýgi “Disney+” akym hyzmatynyň kömegi bilen super gahrymanlar älemini dowam etdirmegiň mümkindigini belledi, ýöne tomaşaçylaryň “Ar alyjylar” filmini "Marvel" kino äleminiň ýetip gelýän "dördünji tapgyrynda" görüp biljekdigini ýa-da görüp bilmejekdigini kesgitli aýtmady. Täze tapgyra eýýäm "Gara dul" we "Ölmezekler" ýaly 11 sany täze blokbaster, şeýle hem "Laçyn we gyş esgeri" we "Wanda/Winžn" ýaly birnäçe teleserial girýär.
Ýeri gelende bellesek, Entoni we Jo Russolaryň "Ar alyjylar: Final" kinokomiksi kino taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy.

 

düýn 20:27
2.6k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
4.1k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
2k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.4k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....