Alibaba-nyň esaslandyryjysy Jek Ma ýitirim boldy

  • 12.01.2021 23:43
  • 24k+

Dünýäniň KHBS-i Hytaýda iň baý adamlaryň biri bolan Jek Manyň ýitirim bolandygyny habar berýär. Milliarder soňky gezek 31-nji oktýabrda, Alibaba çäresiniň göni ýaýlymy wagtynda köpçülige göründi. Şondan soň ol baş kazynyň roluny ýerine ýetirmekde geçirýän hususy şouwynyň finalyna-da gatnaşmady. Bu barada fbm.ru belläp geçýär.

Hytaýyň KHBS-i milliarderiň ýitirim bolandygy baradaky maglumatlary tiz ýaýratdylar, gürrüňlere görä, ol Hytaýyň maliýe düzgünleşdirijileriniň işlerini tankytlandan soň we HHR-iň tehnologiýa kompaniýalaryna gatnaşykda alyp barýan işine garşy çykyş edeninden soň ýitirim boldy.
“Milliarderiň ýitirim bolmagy”, “Jek Ma nirede?”, “Jek Ma ýitirim boldumy?” ýaly sözbaşylar “Telegraph”, “Forbes”, “Financial Times” gazetleriniň, CNN, Fox, ABC teleýaýlymlarynyň we köp sanly beýleki neşirleriň şu hepdede esasy sözbaşylaryna öwrüldiler.
Ýatlap geçsek, dekabr aýynda HHR-iň Bazara gözegçilik we kadalaşdyrmak boýunça baş döwlet edarasy Alibaba kompaniýasy bilen bagly monopoliýa garşy derňew işine başlady.
Alibaba Group – 1999-njy ýyldan bäri elektron söwda bilen meşgullanýan Hytaýyň iň uly internet kompaniýasy.

düýn 14:20
2.2k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 11:29
4.5k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
926

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......