Ronaldu resmi oýunlardaky gollarynyň sany boýunça Pele bilen deňleşdi

  • 04.01.2021 23:35
  • 10k+

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçiren gollarynyň sany boýunça braziliýaly rowaýaty hüjümçi Peleniň yzyndan ýetdi. Bu barada www.championat.com habar berdi.

"Udineze" bilen bolan oýunda Ronaldu resmi oýunlardaky 757-nji pökgüsini tora girizdi. Kriştianu lissabonly “Sportingiň”, “Mançester Ýunaýtediň”, Madridiň “Realynyň” we “Ýuwentusyň”, şeýle hem Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde jemi 1032 oýun oýnady. Pele bolsa özüniň 757 goluny 812 resmi oýunda geçiripdi.
Şeýle hem, dekabr aýynda, Peläniň bir toparyň düzüminde geçiren gollarynyň sany boýunça görkezijisini "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi gaýtalapdy. "Walýadolid" bilen bolan duşuşygyň 65-nji minudynda garşydaşyň derwezesine pökgi geçiren 33 ýaşly argentinaly hüjümçiniň gollary indi Peleniňkiden bir san artyk. Häzir Messiniň hasabynda 644 pökgi bar, Pele bolsa 643 pökgi geçiripdi.

düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....