Ronaldu Instagramdaky abunaçylarynyň sany 250 milliona ýeten ilkinji adam boldy

  • 04.01.2021 08:52
  • 9.5k+

Portugaliýaly futbolçy, "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Instagram-da iň meşhur blogça öwrüldi. Ol abunaçylarynyň sany 250 milliona ýeten taryhda ilkinji adam boldy diýip, mir24.tv habar berýär.

Şeýle-de bolsa, sosial ulgamyň resmi sahypasynyň rekordyny täzelemek henize çenli hiç kime başardanok. Bu rekord 382 million abunaçy hasaplanylýar we beýle köp yzarlaýjyny jemläp bilmek entek meşhurlaryň hijisine eýgertmedi.
Ronaldudan soň 214 million abunaçy bilen amerikaly aýdymçy Ariana Grande, ondan soň bolsa 209 million abunaçy bilen aktýor Dueýn Jonson gelýär.
Portugaliýaly futbolçynyň wirtual giňişlikdäki işjeňligi abunaçylar tarapyndan uly seslenme tapýar. Mysal üçin, Ronaldunyň Täze ýyl gutlagyny 6,6 million ulanyjy halady.

şu gün 14:53
3.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
6.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
7.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....