Maşynyň gyşda hem ilkinji gezekde otlanmagy üçin näme etmeli?

  • 02.01.2021 19:05
  • 32k+

Awtoulagyň ilkinji gezekde otlanmaýan ýagdaýlary seýrek bolanok. Munuň birnäçe sebäbi bolup bilýär, ýöne bu köplenç akkumulýator batareýasy bilen baglylykda ýüze çykýar. Awtoulag hünärmenleri awtoulagyň gyşda hem aňsat otlanmagy üçin näme etmelidigi baradaky maslahatlaryny paýlaşdylar. Muny car.ru ýetirýär.

Awtoulagyňyzyň gyşda birnäçe sagat hereketsiz durandan soň birinji gezekde otlanmazlygynyň sebäbi — hatardan çykan otlama uçguny ýa-da benzin nasosy, şeýle hem akkumulýator bilen baglanyşykly meseleler bolup biler.
Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ýokary hilli batareýalary satyn almaga çalyşmaly. Hökman meşhur brendleriň önümi däl, ýöne näbelli öndürijidenem däl. Şunda önümiň baha-hil gatnaşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.
Satyn alnanda, önümiň öndürilen senesine serediň, geçmän baslygyp ýatan we şoňa görä, zarýadyny ýitiren önümi satyn almaň.
Üç ýyl töweregi hyzmat edýän pes batareýalary satyn almazlyk, oňa derek has uzak ömri bolan gurşun-kislotaly (AGM), gibrid, gelli ýa-da kalsili batareýalary saýlamak has dogrudyr. Hereketlendirijiniň sygymy onuň görnüşine bagly bolýar. Meselem, 1,5 litrlik benzin agregaty 55 A/sagatlyk akkumulýatory, dizel agregaty bolsa, azyndan, 65 A/sag sygymy talap edýär.
Batareýanyň hyzmat ediş möhletiniň uzaklygy we şoňa görä motoryň kynçylyksyz otlanmagy oňa düşýän agrama, bortdaky elektronikanyň ulanylmagyna we idegine baglydyr. Şonuň üçin batareýanyň ýagdaýyna gözegçilik edip durmak gerek - klemmalary yzygiderli arassalap we çekdirip durmaly, elektrolitiň derejesini barlamaly we zerur bolsa, distillendirilen suw bilen doldurmaly.
Mundan başga-da, hünärmenler starteri 5 sekuntdan uzak towlamazlygy maslahat berýärler, sebäbi bu batareýada energiýanyň biderek sarp edilmegine sebäp bolýar. Şeýle hem, gyş möwsüminde aýda azyndan iki gezek batareýa zarýad beriji bilen zarýad bermäge çalyşmaly.

düýn 09:56
1.9k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....