Ronaldu Ýewropanyň iň gowy 5 ligasynyň iň gowy golçusy boldy

  • 02.01.2021 15:00
  • 6.6k+

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçen ýyl Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynda çykyş edýän oýunçylaryň arasynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Bu barada rg.ru habar berýär.

Portugaliýaly hüjümçi Italiýanyň çempionatynda 33 pökgi geçirdi. Sanawda oňa iň golaý "Bawariýanyň" hüjümçisi, FIFA boýunça ýylyň oýunçysy Robert Lewandowski ýerleşýär. Polşaly futbolçy Bundesligada 32 pökgi geçirdi. Bu reýtingde üçünji orny Rimiň “Lazio” toparynyň golçusy Çiro Immobile (28) eýeledi. Şeýle hem ilkinji 5-lige hersi 23 pökgi geçiren Mohammed Salah ("Liwerpul") we Erling Holland (Dortmundyň "Borussiýasy") girdi.

"Heniz hem özümi gowy duýýaryn. Ýene kän wagtlap oýnamak isleýärin. Geljekde näme boljagyny kim bilýär?! Eger sende höwes bar bolsa, ýaşyň ähmiýeti ýok. Öňümde ajaýyp geljegi görýärin we muňa begenýärin" diýip, Associated Press Kriştianu Ronaldunyň sözlerini getirýär.

Şeýle hem Italiýanyň Oýunçylar Assosiasiýasy milli çempionatyň soňky möwsüminiň netijelerinden soň birnäçe ugurda baýrak almak boýunça dalaşgärleri yglan etdi. Ýeňijiler tälimçilerden, eminlerden we žurnalistlerden ybarat emin agzalary tarapyndan oýunçylara ses bermegiň barşynda saýlanar. Baýraklar Gran Gala del Calcio dabarasynda gowşurylar. Iň köp pökgi geçiren oýunçylyga dalaşgärleriň arasynda Ronaldu, Zlatan Ibrahimowiç ("Milan") we Romelu Lukaku ("Inter"), iň gowy tälimçilige dalaşgärleriň arasynda bolsa - Jan Piero Gasperini ("Atalanta") we Simone Inzagi ("Lazio") bar.

düýn 14:53
6.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....