Katardaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi we stadionlary belli boldy

  • 24.12.2020 22:49
  • 5.5k+

2020-nji ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionaty Katarda 2021-nji ýylyň 1 – 11-nji fewral aralygynda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň stadionlarynda geçiriler. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ilkibaşda şu ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirilen ýaryş has yza süýşürildi. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

Baýrak üçin alty kontinental konfederasiýanyň ýeňijileri, şeýle-de ýaryşy gurnaýan ýurduň, ýagny Kataryň çempiony bäsleşer. Oýunlar futbol üçin doly taýýarlanan DÇ-2022-niň üç meýdançasynda – “Ahmad bin Ali”, “Edýukeýşn Siti” we “Halkara Halifa stadionynda” geçiriler.
Kataryň çempiony “Al-Duhail” bilen Täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” klubynyň arasyndaky açylyş oýny 1-nji fewralda “Ahmad bin Ali” stadionynda bolar. Final 11-nji fewralda “Edýukeýşn Siti” stadionynda geçiriler.
Ýaryşa Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Mýunheniň “Bawariýasy”, KONKAKAF çempiony bolan meksikan kluby “Tigres UANL”, Afrika kontinentiniň çempiony bolan Müsüriň “Al-Ahli” kluby, şeýle-de Aziýanyň çempionlar ligasynyň ýeňijisi Günorta Koreýadan “Ulsan Hýonde” gatnaşar.
Günorta Amerikanyň wekili 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Liber-tadores kubogynyň finalynda kesgitlener. Toparlaryň final jübütlerini düzjek ýaryşyň bije atyşygy 2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Sýurihde geçiriler.

şu gün 14:53
5.2k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
7.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
7.9k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....