Aýdym aýtmak ömri uzaldýar we ýady kämilleşdirýär

  • 22.12.2020 16:08
  • 8.4k+

Aýdym aýtmak adam saglygyna oňyn täsir edip, ömrüň dowamlylygyny ýokarlandyryp biler diýip, “Express” neşiri britan alymlaryna salgylanyp ýazýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu iş adamyň hem psihiki, hem fiziki ýagdaýyny gowulandyrýar. Hususan-da, aýdym aýtmak demensiýa we Alsgeýmer keseliniň howpuny azaldyp, depressiýa alamatlaryny aýryp bilýär.
Hünärmenler söýgüli aýdymlar ýerine ýetirilende hal-ýagdaýyňy gowulandyrýan, adamy ruhubelent we bagtly duýmaga mejbur edýän endorfinleriň bölünip çykýandygyny belleýärler. Şol bir wagtyň özünde ses ukybynyň bolmagy hökmany däl, çünki aýdym aýtmak hiline garamazdan bedene oňyn täsir edýär.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, aýdym aýtmak beýnini kislorodyň uly mukdary bilen üpjün edip, onuň işine sagaldyş täsirini ýetirýär, şeýle-de gan basyşyny peseldip bilýär.

22.06.2026 14:18
6.9k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......