Coca-Cola tutuş dünýä boýunça 2,2 müňe golaý işgärini işden çykarar

  • 19.12.2020 18:44
  • 18k+

Coca-Cola korporasiýasy tutuş dünýä boýunça 2 200-e çenli işgärini işden çykarar, bu işgärleriň 1 200-si ABŞ-da. Bu barada “The Wall Street Journal” neşirine salgylanmak bilen TASS habar berýär.

Işden çykarylmagy göz öňünde tutulýanlaryň sany korporasiýanyň ähli işgärleriniň sanynyň 12%-ine deň. Gazet şeýle kararyň sebäbiniň “kompaniýanyň üýtgedip gurmak çärelerini çaltlaşdyrýan” SARS-CoV-2 koronawirus pandemiýasydygyny belleýär. Kompaniýa iş orunlarynyň sanynyň azaldylmagy ýyllyk çykdajylarynyň 350 million dollardan 550 million dollar aralygynda tygşytlanmagyna getirer diýip çaklaýar.
Neşir Coca-Cola-nyň içgileriň satuwyna täsir eden restoranlaryň, barlaryň we kinoteatrlaryň ýapylmagy sebäpli çykdajylaryny azaltmaga mejbur bolýandygyny düşündirýär.
Korporasiýa Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Afrikanyň, Latyn Amerikanyň, Demirgazyk Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň, şol sanda Russiýanyň bazarlarynda bar.
Coca-Cola Company 1892-nji ýylda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Atlantada (Jorjiýa ştaty) ýerleşýär. Kompaniýanyň iň meşhur brendleri - Coca-Cola, Fanta we Sprite. Umuman alanyňda, kompaniýanyň 500-den gowrak brendi bar. Guýma boýunça hyzmatdaşlar bilen birlikde kompaniýada 700 müňden gowrak adam işleýär.

16.04.2026 20:09
5.2k+

Dolce Gabbanasyz galdy: Stefano Gabbana Dolce & Gabbana-nyň başlygy bolmakdan el çekdi

Toparyň resmi beýanatyna salgylanyp berilýän metbugat habarlaryna görä, Dolce & Gabbana-nyň esaslandyryjysy Stefano Gabbana kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesinden çekildi we ol inde brende......

15.04.2026 14:39
2.3k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.8k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.2k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......