Coca-Cola tutuş dünýä boýunça 2,2 müňe golaý işgärini işden çykarar

  • 19.12.2020 18:44
  • 18k+

Coca-Cola korporasiýasy tutuş dünýä boýunça 2 200-e çenli işgärini işden çykarar, bu işgärleriň 1 200-si ABŞ-da. Bu barada “The Wall Street Journal” neşirine salgylanmak bilen TASS habar berýär.

Işden çykarylmagy göz öňünde tutulýanlaryň sany korporasiýanyň ähli işgärleriniň sanynyň 12%-ine deň. Gazet şeýle kararyň sebäbiniň “kompaniýanyň üýtgedip gurmak çärelerini çaltlaşdyrýan” SARS-CoV-2 koronawirus pandemiýasydygyny belleýär. Kompaniýa iş orunlarynyň sanynyň azaldylmagy ýyllyk çykdajylarynyň 350 million dollardan 550 million dollar aralygynda tygşytlanmagyna getirer diýip çaklaýar.
Neşir Coca-Cola-nyň içgileriň satuwyna täsir eden restoranlaryň, barlaryň we kinoteatrlaryň ýapylmagy sebäpli çykdajylaryny azaltmaga mejbur bolýandygyny düşündirýär.
Korporasiýa Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Afrikanyň, Latyn Amerikanyň, Demirgazyk Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň, şol sanda Russiýanyň bazarlarynda bar.
Coca-Cola Company 1892-nji ýylda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Atlantada (Jorjiýa ştaty) ýerleşýär. Kompaniýanyň iň meşhur brendleri - Coca-Cola, Fanta we Sprite. Umuman alanyňda, kompaniýanyň 500-den gowrak brendi bar. Guýma boýunça hyzmatdaşlar bilen birlikde kompaniýada 700 müňden gowrak adam işleýär.

düýn 22:05
1.4k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.5k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
6.1k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......