Fransiýanyň ýaşaýjysy lotereýada Ýewropa üçin rekord bolan 200 mln ýewro utdy

  • 13.12.2020 13:57
  • 12592
Fransiýanyň ýaşaýjysy lotereýada Ýewropa üçin rekord bolan 200 mln ýewro utdy

Fransiýanyň ýaşaýjysy “EuroMillions” lotereýasynda 200 mln ýewro utdy, bu ýurt we oýnuň Ýewropadaky tutuş taryhynda rekord möçberli utuşdyr. Bu barada “Mirror” neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.

Ýeňiji 50 sandan bäş sanyň ählisini – 6, 9, 13, 24 we 41-i, şeýle-de iki sany “bagtly ýyldyz belgisini” – 3 we 12-ni bildi. Indi onuň arza berip, baýragyny almagy üçin 120 gün möhlet berilýär. Ondan öň 60 gün berilýärdi, ýöne koronawirus pandemiýasy we girizilen çäklendirmeler sebäpli möhlet uzaldyldy.
Ýeňiji alan puluna iki sany Airbus A320 uçaryny, 4 müňden gowrak altyn tokgalaryny, dünýäde iň gymmat myhmanhana otagynda (Las-Wegasda Palms Casino Resort myhmanhanasynda) 2430 gijäni ýa-da 12 sany Bugatti’s The Black Car giperkaryny satyn alyp biler.
Öňki Ýewropa rekordy 2019-njy ýylda 190 million ýewro utan Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy tarapyndan goýuldy. Fransiýada iň uly utuş 2012-nji ýylda 170 million ýewro boldy.
EuroMillions – Beýik Britaniýada, Fransiýada, Ispaniýada, Awstriýada, Belgiýada, Irlandiýada, Lýuksemburgda, Portugaliýada we Şweýsariýada geçýän milletara lotereýasy.

şu gün 00:53
2719

Artistleriň çykyşy, dronlaryň şüweleňi... Magtymgulynyň heýkeliniň açylyşyna taýýarlyk görülýär 

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada...

düýn 23:36
3686

Aşgabat şäheri Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli dabaralary geçirmäge taýýarlanýar

Aşgabat şäheri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara taýýarlyk görýär. Şonuň çäklerinde alnyp barylýan işler barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni Hökümet mejlisinde...

düýn 21:30
4316

Apple sazandalary we suratkeşleri kemsiden iPad Pro-nyň reklamasy üçin ötünç sorady

Apple kompaniýasy sosial medialarda güýçli nägileliklere sebäp bolan täze iPad Pro planşetiniň reklama wideosy üçin ötünç sorady diýip, Deadline habar berýär. Wideoda saz gurallary, fotoapparatlar we sungat esbaplary...

düýn 14:05
4641

TikTok ABŞ-da mümkin bolan gadaganlygyny ýatyrmak üçin kazyýete arza berdi

TikTok-yň ýolbaşçylygy we sosial ulgamyň eýesi ByteDance amerikan kazyýetine hytaý kompaniýasyny platformany satmaga ýa-da ony Birleşen Ştatlaryň çäklerinde gadagan etmäge borçlandyrýan kanuny ýatyrmak haýyşy bilen...