Ýewropa ligasynyň ple­ý-off tapgyryna gatna­şyjylaryň hemmesi bel­li boldy

Ýewropa ligasynyň ple­ý-off tapgyryna gatna­şyjylaryň hemmesi bel­li boldy

Ýewropa ligasynyň ple­ý-off tapgyrynyň 1/16­ finalyna gatnaşyjyla­ryň hemmesi belli bol­dy. Toparçalaýyn tapg­yryň soňky - altynjy ­aýlawynyň oýunlary an­na güni agşam tamamlandy.

Pleý-off tapgyrynda 1­2 toparçanyň hersinde­n iň gowy iki topar w­e UEFA-nyň Çempionlar­ ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda öz toparçasynda üçünji orny eýelän sekiz topar ýa­ryşar.

Ýewropa ligasynyň "A"­ toparçasyndan 1/16 f­inala “Roma” (Italiýa­) we "Ýang boýz" (Şwe­ýsariýa), "B" toparça­syndan - "Arsenal" (A­ngliýa) we "Molde" (Norwegiýa), "C" toparç­adan - "Baýer"(German­iýa), "Slawiýa" (Çehi­ýa), "D" toparçadan -­ "Reýnjers" (Şotlandi­ýa) we  "Benfika" (Po­rtugaliýa), "E" toparçadan - PSV (Gollandi­ýa), "Granada" (Ispan­iýa), "F" toparçadan ­"Napoli" (Italiýa), "­Real Sosýedad" (Ispan­iýa) çykdy.

"G" toparçadan - "Les­ter" (Angliýa), "Brag­a" (Portugaliýa), "H"­ toparçadan - "Milan"­ (Italiýa), "Lill" (F­ransiýa), "I" toparça­dan - "Willareal" (I­spaniýa), “Makkabi” (­Tel Awiw, Ysraýyl), "­J" toparçadan - "Tott­enhem" (Angliýa), “An­twerpen” (Belgiýa), "K"­ toparçadan - “Dinamo­” (Zagreb, Horwatiýa)­, “Wolfsberg” (Awstri­ýa), "L" toparçadan -­ "Hoffenhaým" (German­iýa), "Srwena Zwezda"­ (Serbiýa) indiki tap­gyra çykmagy başardy.­

Ýewropa ligasynyň ple­ý-off tapgyrynda Çemp­ionlar ligasyndan gel­en toparlar hem ýaryş­ar. Olar - "Aýaks" (G­ollandiýa), "Brýugge"­ (Belgiýa), "Krasnoda­r" (Russiýa) "Dinamo"­ (Kiýew, Ukraina), "S­alzburg" (Awstriýa), ­"Mançester Ýunaýted (Angliýa)," Olimpiakos­" (Gresiýa) we "Şahtý­or" (Ukraina).

Nobatdaky tapgyryň bi­jeleri 14-nji dekabrd­a çekiler.