Türkmen ýokary okuw mekdebi rumyn uniwersitetleri bilen şertnama baglaşdy

  • 07.12.2020 23:08
  • 10k+

Aşgabatda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Rumyniýanyň iki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk barada şertnamalara gol çekdi. Gol çekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň gazananlaryny görkezýän we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly serginiň çäginde geçirildi.

Türkmen we rumyn uniwersitetleriniň ýolbaşçylary göni onlaýn baglanyşygynyň barşynda şertnama baglaşdylar. Gol çekilen ilkinji resminama, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Rumyniýanyň iň gowy ýigrimi okuw jaýynyň biri bolan Piteşti (The University of Pitesti) uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama boldy.
Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Ýewropanyň ýokary bilim giňişliginiň, şeýle-de Ýewropa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasy bolan Arad şäheriniň Wasile Goldiş Günbatar Uniwersiteti (Vasile Goldis Western University of Arad) bilen hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekdi.
Taraplar ýokary bilim pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegine itergi bermek üçin gol çekilen resminamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......