«Türkmentel — 2020-de» öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy maslahatlaşylar

«Türkmentel — 2020-de» öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy maslahatlaşylar

24-25-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Öwezowyň habar bermegine görä, halkara forumyna ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmegiň, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmegiň, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine alýar.

Maslahatda sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamynyň we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy, maglumat we kiberhowpsuzlygy, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiligi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.