Günorta Koreýada ýylda 150 million doza Sputnik V sanjymy öndüriler

  • 13.11.2020 21:00
  • 6.2k+

Russiýanyň gönüden-göni maýa goýum gaznasy (RDIF) we GL Rapha biotehnologiýa kompaniýasy Günorta Koreýada koronawirusa garşy "Sputnik V" sanjymynyň 150 milliondan gowrak dozasyny öndürmek barada ylalaşdylar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Sanjymyň eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanar diýip, bu derman serişdesine bagyşlanan resmi Twitter hasabynda aýdylýar.

"Sputnik V" sanjymynyň ýeterlik mukdaryny üpjün etmek we halkara islegini kanagatlandyrmak üçin hökmany suratda halkara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmeli" - diýlip, gaznanyň başlygy Kirill Dmitriýewiň sözleri getirilýär.

Tomusda 18-60 ýaş aralygyndaky meýletinçilerde bu sanjymyň barlaglarynyň iki tapgyry üstünlikli geçirildi. Barlagyň netijesinde sanjymy kabul edenlerde SARS-CoV-2-ä garşy antibedenjikler emele geldi.
Öň “Sputnik V-niň” twitter-akkauntyna salgylanyp habar berlişi ýaly, sanjymyň netijeliligi 92% boldy (hasaplama plasebo toparynda we sanjymy alan toparda ýüze çykarylan 20 tassyklanan ýagdaýyň paýlanmagyna esaslandy).

düýn 17:46
1.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.7k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.8k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......