Koronawirusa garşy «Sputnik V» sanjymy 92% netije görkezýär

Koronawirusa garşy «Sputnik V» sanjymy 92% netije görkezýär

Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy “Sputnik V” atly koronawirusa garşy sanjymyň synaglarynyň üçünji tapgyrynyň aralyk netijelerini neşir etdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Sputnik V” sanjymynyň netijeliligi 92% boldy (hasaplama plasebo toparynda we sanjymy alan toparda ýüze çykarylan 20 tassyklanan ýagdaýyň paýlanmagyna esaslandy) – diýlip, “Sputnik V-niň” twitter-akkauntynda habar berilýär.
Derman serişdesiniň birinji dozasyny eýýäm 20 müň meýletinçi aldy, 16 müňden gowrak meýletinçi birinji we ikinji dozalary aldylar. Bellige alnyşdan soňky synaglara jemi 40 müň adam gatnaşýar.
Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy “Sputnik V” sanjymyny alan adamlarda garaşylmadyk we oňaýsyz täsirleriň ýüze çykarylmandygyny – diňe gysga möhletli goşmaça täsirleriň bolandygyny belledi. Aralyk maglumatlary öňdebaryjy halkara lukmançylyk žurnallarynyň birinde neşir etmek meýilleşdirilýär.

“Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglarynyň III tapgyrynyň ahyrynda N.F.Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň milli barlag merkezi kliniki synaglar barada doly hasabaty elýeterli eder” – diýlip, habarda aýdylýar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Mihail Muraşkonyň belleýşi ýaly, synaglaryň netijeleri koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek üçin “Sputnik V” sanjymynyň täsirli serişdedigini görkezdi. Ministriň aýtmagyna görä, bu Russiýada COVID-19-a garşy köpçülikleýin sanjyma başlamaga mümkinçilik berýär.
Awgustyň başynda Saglygy goraýyş ministrligi Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň goldawy bilen Gamaleýa adyndaky merkeziň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan COVID-19-yň öňüni almak üçin dünýäde ilkinji sanjymy bellige aldy. Ol “Sputnik V” diýlip atlandyryldy.
Tomusda derman serişdesi 18 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky meýletinçilerde synaglaryň iki tapgyryny üstünlikli geçdi, meýletinçilerde SARS-CoV-2-ä garşy immun jogaby we antibedenjikler döredi.
Gaznanyň ýolbaşçysy Kirill Dmitriýew 20-den gowrak ýurduň “Sputnik V” sanjymynyň milliard dozasyny satyn almak üçin edara ýüz tutandygyny habar berdi. Russiýa her ýylda 500 milliona çenli doza öndürmäge kuwwaty bar bolan bäş ýurtda önümçilik barada ylalaşdy.
Synaglaryň bellige alnyşdan soňky tapgyry sentýabrda başlady. Russiýadan başga synaglar BAE-de, Wenesuelada we Belarusda  alnyp barylýar. Synaga gatnaşyjylar sanjymdan soň 90 günüň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginde bolýarlar.