Taryhdaky iň oňat hüjümçi adyna dalaşgärleriň sanawy mälim edildi

Taryhdaky iň oňat hüjümçi adyna dalaşgärleriň sanawy mälim edildi

“France Football” fransuz žurnaly üç ýerleşime (pozisiýa) görä taryhyň iň gowy hüjümçisi diýen ada dalaş edýän futbolçylaryň sanawyny düzdi. Sanaw neşiriň resmi twitter sahypasynda çap edildi.

Žurnal 3-4-3 shemasy boýunça ähli döwürleriň simwoliki toparyny düzmegi meýilleşdirýär.
Iň gowy çep ganat hüjümçisi adyna şu aşakdakylar dalaş edýärler: Oleg Blohin (SSSR), Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa), Dragan Jaýç (Ýugoslawiýa), Raýan Giggs (Uels), Týeri Anri (Fransiýa), Riwaldo, Riwelino, Ronaldinýo (hemmesi - Braziliýa), Karl-Haýns Rummenigge (Germaniýa), Hristo Stoiçkow (Bolgariýa).

10 sany sag ganat hüjümçileriniň sanawyna Dewid Bekham, Kewin Kegan, Stenli Metýuz (hemmesi - Angliýa), Jorj Best (Irlandiýa), Samuel Eto'o (Kamerun), Luiş Figu (Portugaliýa), Garrinça, Jairzinýo (ikisi hem braziliýaly), Lionel Messi (Argentina), Arien Robben (Gollandiýa) dagylar girdiler.

Merkezi hüjümçilerden 10 dalaşgäriň sanawynda Dennis Bergkamp, Ýohan Kraýf, Marko wan Basten (hemmesi - Gollandiýa), Kenni Dalgliş (Şotlandiýa), Eýsebio (Portugaliýa), Şandor Koçiş (Wengriýa), Gerd Müller (Germaniýa), Romario, Ronaldo (ikisi hem braziliýaly), Jorj Wea (Liberiýa) dagylar bar.
Käbir oýunçylaryň görkezilen ýerleşimleri futbol hünärmenleriniň arasynda jedel döredýär. Sanawdaky oýunçylaryň öz içinde hem bu üleşige närazylary bar. Mysal üçin, Samuel Eto'o özüniň sag ganat hüjümçisi hökmünde görkezilmegini sylaşyksyzlyk hasap etdi. 38 ýaşly kamerunly sag ganatda bary-ýogy 1-2 möwsüm oýnandygyny, hüjüm merkezinde bolsa 25 ýyl oýnandygyny aýtdy.
Ýeňiji “Altyn top” üçin ses bermäge gatnaşýan emin agzalary tarapyndan kesgitlener.
Mundan öň “France Football” iň oňat derwezeçileriň, merkezi, çep we sag ganat goragçylaryň, şeýle hem hüjümçi we merkezi ýarymgoragçylaryň sanawyny hödürläpdi.