Hytaý sanjym boýunça COVAX halkara mehanizmine goşuldy

  • 11.10.2020 06:56
  • 8.2k+

Hytaý koronawirusa garşy sanjymlara deň elýeterliligi üpjün edýän COVAX halkara mehanizmine resmi taýdan goşuldy. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunin habar berdi. Muny rg.ru ýetirýär.

8-nji oktýabrda Hytaý bilen Gavi global birleşigi COVAX-a resmi taýdan goşulmak barada şertnama baglaşdy.
Çuniniň aýtmagyna görä, Hytaý özüniň wadasynda durmak hem-de COVID-19-a garşy sanjymy “dünýä jemgyýetçiliginiň peýdasyna” öwürmek üçin bu möhüm ädimi ätdi. Çunin Hytaýyň COVAX arkaly ýurtlar bilen sanjym pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigini, şeýle-de pandemiýa bilen göreşe özüniň goşandyny goşmak üçin mehanizme gatnaşyjylaryň ählisi bilen özara gatnaşygy ösdürjekdigini belledi.
COVAX mehanizmine eýýäm dünýäniň 170 ýurdy goşuldy. Bu mehanizm ähli ýurtlar üçin täsirli sanjymyň gözlegini çaltlaşdyrmagy maksat edinýär. Ol önümçilik desgalarynyň döredilmegini we 2021-nji ýylyň ahyryna çenli iki milliard töweregi doza sanjymy deň paýlamak üçin satyn alyş işlerini hem goldaýar. Derman serişdelerini 92 sany maliýeleşdiriji ýurt töleýär.
Mundan ozal, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus ähli ýurtlary COVAX mehanizmine goşulmaga çagyrdy, bu mehanizm arkaly ähli ýurtlar synag tamamlanandan soň, koronawirusa garşy sanjym bilen üpjün edilmeli.

düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......