Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

  • 08.10.2020 23:56
  • 7.1k+

Bu ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragy amerikaly şahyr Luiza Glýuga mynasyp görüldi. Bu barada russian.rt.com saýty habar berýär.

Nobel komitetiniň habar bermegine görä, baýragyň ýeňijisi kesgitlenende, Glýugyň “Özüniň ýiti gözelligini şahsyýeti bilen utgaşdyryp bilen şahyrana sesi “ göz öňünde tutuldy.
Luiza Glýuk 1943-nji ýylda Nýu-Ýorkda doguldy. Uilýamstaunda (Massaçusets) Uilýams kollejinde, soňra Ýel, Boston we Aýowa uniwersitetlerinde, Wermontda Goddard kollejinde iňlis dilinden sapak berdi.
Tanymal şahyr Luiza Glýuk Amerikan sungat we edebiýat akademiýasynyň agzasy, Amerikan şahyrlar akademiýasynyň kansleri, birnäçe amerikan baýraklarynyň eýesidir.
Mälim bolşy ýaly, bu abraýly baýraga 2018-nji ýylda polşaly ýazyjy we şahyr Olga Tokarçuk, 2019-njy ýylda bolsa awstriýaly ýazyjy we dramaturg Peter Handke mynasyp bolupdy.
1901-2019-njy ýyllar aralygynda edebiýat boýunça Nobel baýragy 112 gezek gowşuryldy. Nobel komiteti bilen Şwesiýanyň akademiýasy diňe ýedi gezek baýraga mynasyp dalaşgär ýok diýen karara geldi.
2020-nji ýyla çenli edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan 113 adamyň 15-si zenanlardyr. Baýraga has köp mynasyp bolanlaryň fransuz ýazyjylarydygyna garamazdan, baýrak alanlaryň köpüsi öz eserlerini iňlis dilinde ýazýan awtorlar bolup durýar.
Nobel baýragyna mynasyp bolanlaryň ortaça ýaşy 65 ýaşa barabar. Bu baýragyň iň ýaş eýesi oňa 41 ýaşynda mynasyp bolan Redýard Kiplingdir. Biz bu ýazyjyny meşhur “Maugli” eseri boýunça tanaýarys. Ýazyjy bu abraýyny 1907-nji ýylda gazanýar. Baýraga mynasyp bolan iň ýaşuly ýazyjy bolsa şol wagt 88 ýaşynda bolan Doris Lessingdir.

şu gün 07:14
5.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada......

düýn 21:26
1.4k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

düýn 16:47
1.3k+

Parižde türkmen medeniýetiniň we saz sungatynyň agşamy geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pariž şäheriniň «Théâtre de l’Opprimé» teatrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna we Milli bahar baýramyna bagyşlanan medeni-sazly......

düýn 16:33
3.4k+

Tiz wagtdan Hytaýyň köçelerini janly ösümlikler yşyklandyryp başlar

Hytaýly biotehnologlar garaňkyda öz-özünden ýagtylyk saçýan, genetiki taýdan üýtgedilen täze ösümlikleri tanyşdyrdylar. Futurism neşiriniň ýazmagyna görä, bu täsin oýlap tapyş elektrik energiýasyny ulanmazdan,......