АБР выделит грант на строительство ЛЭП из ЦА в Афганистан

  • 03.10.2020 11:44
  • 6k+

Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Özbegistandaky Surhan podstansiýasyndan Owganystandaky Hwaja-Alwan podstansiýasyna çenli 500 kW elektrik geçiriji liniýasyny gurmak üçin 110 million dollarlyk granty tassyklady, bu bolsa Owganystanyň Merkezi Aziýadan elektrik energiýasynyň importyny iki esse artdyrar diýip, ORIENT habar berýär.

AÖB-iň habarynda bellenilişi ýaly, elektrik geçiriji liniýanyň uzynlygy 201 km bolar. Hwaja-Alwan podstansiýasy Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan elektrik üpjünçiligi üçin esasy merkezdir.
Taslama iki ýurduň hökümetleri tarapyndan 2020-nji ýylyň awgust aýynda gol çekilen 10 ýyllyk şertnama laýyklykda, Özbegistanyň we Owganystanyň energiýa ulgamlarynyň arasynda elektrik akymyny üpjün eder. Taslamanyň tamamlanmagy Owganystandaky 500 müň sarp edijini elektrik toruna birikdirmäge mümkinçilik berer.

“Owganystanda elektrik energiýasyna bolan isleg çalt ösýär we bu ýurduň ykdysady ösüşi üçin möhümdir. Taslama ulgamy ösdürmek we 3 TWt energiýa importy bilen bir ýylda 900 MWt elektrik energiýasyny import etmek mümkinçiligini artdyrmak arkaly öý hojalygyna we kärhanalara ygtybarly hem-de elýeterli elektrik üpjünçiligini ýola goýmaga kömek eder"- diýlip, habarda AÖB-iň energetika boýunça hünärmeni Nana Gurgenidzäniň sözleri getirilýär.

Häzirki wagtda Owganystanda ilatyň diňe 34% -i elektrik togundan peýdalanýar.
Aziýa 2002-nji ýyldan bäri 1,77 milliard dollarlyk umumy borçnamalary (grant görnüşinde) bilen energiýa pudagyny ösdürmekde Owganystanyň iň uly hyzmatdaşlaryndan biridir.

вчера 19:38
2.3k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

вчера 19:26
880

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

вчера 11:05
3.4k+

Доклад Всемирного банка: к 2035 году на рынок труда выйдут 1,2 млрд молодых людей

Согласно докладу Всемирного банка «Глобальная проблема занятости», в течение ближайшего десятилетия развивающиеся страны столкнутся с беспрецедентным вызовом: трудоспособного возраста достигнут порядка 1,2......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......