Konor MakGregor UFC-niň reýtinginde bir basgançak aşak düşdi

  • 24.09.2020 17:17
  • 20k+

Irlandiýaly söweşiji Konor MakGregor “Absolute Fighting Championship”-iň (UFC) ýeňil diwizionynyň reýtinginde bir basgançak aşak düşürildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Reýtingiň täzelenen wersiýasynda MakGregor ýeňil agramda täze zelandiýaly Den Hukerden soň bäşinji orunda ýerleşdi. Şonuň bilen birlikde, ol UFC-niň agram derejesine garamazdan iň güýçli erkek söweşijileriniň sanawynda onunjy ornuny saklap galdy. Tomusda sportçynyň öz karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etmegi geň galdyrýar.
Şeýle hem Toni Fergýusonyň erkin reýtingde ýokary galmagy bellärliklidir. Ol awstraliýaly Robert Wittakerden we braziliýaly Deýwezon Figeredodan öňe geçip, 12-nji ýeri eýeledi. Amerikaly Jon Jones UFC-niň iň güýçli söweşijileriniň umumy sanawynda öňdeligi saklap galýar, sanawda ondan soň ýeňil agramda guşagyň eýesi russiýaly Habib Nurmagomedow ýerleşýär.
Ýarym orta agram derejesinde hem üýtgeşmeler bar. Onda amerikaly söweşiji Kolbi Kowington öz watandaşy Taýron Wudlini ýeňenden soň, braziliýaly Gilbert Börnsden öňe geçip, birinji orna gaýdyp geldi. UFC-iň öňki çempiony Wudli iki basgançak aşaklap, ýedinji orunda ýerleşdi.

şu gün 12:43
1

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 14:53
8.1k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
9.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....