2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň ýurt maksatnamasy tassyklanyldy

  • 13.09.2020 13:55
  • 12k+

ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň 8-11-nji sentýabrynda geçirilen ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Takmynan 7,5 million ABŞ dollary bolan bäş ýyllyk býujet bilen täze ýurt maksatnamasy dört ugurda, ýagny çagalar üçin dolandyryş; çaganyň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi; çaganyň goragy; we ýokary hilli bilim ýaly ugurlarda netije gazanmagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa öz çykyşynda ýerine ýetiriji komitetiniň agzalaryna ýurduň çagalaryň hukugyny goramakda alyp barýan işi babatynda, şeýle hem saglyk, bilim, çaganyň irki ösüşi, goragy we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda çagalar üçin ýokary netijelere ýetmekde Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝUNISEF-iň ýakyn hyzmatdaşlygy babatynda maglumat berdi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we amala aşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň hökümete goldaw bermek bolup durýar.

şu gün 22:19
236

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

şu gün 19:31
581

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

şu gün 15:52
6.6k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....