Haýsy önümler adamyň wagtyndan ir garramagyna sebäp bolýar?

  • 15.09.2020 23:37
  • 21k+

Dietolog Ýelena Solomatina «Weçernaýa Moskwa» bilen geçirilen söhbetdeşlikde Ispaniýanyň Nawarra uniwersitetiniň alymlarynyň adamyň wagtyndan ir garramagyna sebäp bolýan iýmitler babatdaky gözlegleri barada aýtdy.

«Science Alert» portalynda çap edilen makalada barlagçylar ultra gaýtadan işlenen iýmitler, şol sanda gowrulan et we çalt nahar iýmek öýjükleriň wagtyndan öň garramagyna sebäp bolýar diýen netijä geldiler. Hünärmen alymlaryň netijeleri bilen ylalaşyp, ýagda termiki taýdan gaýtadan işlenen azyk önümleriniň kanserogenleri emele getirýändigini aýtdy. Olar öz gezeginde birleşdiriji dokumanyň esasyny düzýän belogy – kollageni ýok edýärler.

«Adam zyýanly iýmitleri – burgerleri, gowrulan kartoşkany, süýjini ýa-da däne önümlerinden aşa köp peýdalansa, kollagende tikenler emele gelip başlaýar, deri mürşerýär we tiz wagtdan ýygyrtlar bilen örtülýär» – diýip, Solomatina aýtdy.

Hünärmen ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleriň öňüni almak üçin zyýanly iýmitlerden gaça durmagy, şeýle hem iýmitiňizi düzüminde kollagen bolan önümler bilen baýlaşdyrmagy maslahat berýär.
Onuň bellemegine görä, käşirde, pomidorda, ysmanakda, ýagly balyklarda bu wajyp belogyň köp mukdary saklanýar, şonuň üçin bedene ýaraýan bolsa, olary kabul etmek hökmanydyr. Şeýle hem Solomatina bedeniň ýaşarmagyna we dikelmegine ýardam edýän önümleriň hataryna zeýtun ýagyny, üzümi, hozy, imbiri, şugundyr, selderýany we awakadony hem goşdy.

düýn 23:49
176

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....