Türkmenistana "Hyundai" awtobuslarynyň täze tapgyry geldi

  • 03.09.2020 18:53
  • 18k+

Hyundai kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) “All New Super Aero City” awtobuslarynyň 38 sanysy Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gelip düşdi we Aşgabat şäherine iberildi.

Munuň özi şu ýylyň mart aýynda Hyundai korporasiýasy bilen "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň arasyndaky täze modifikasiýaly awtobusyň 400 sanysyny üpjün etmek baradaky şertnama laýyklykda ýurdumyza gelmeli şäheriçi ulagyň ilkinji tapgyrydyr.
Meşhur awtoulag öndürijisi 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu döwür içinde awtobus parkyna 1200-den gowrak ulag gelip gowuşdy. "Hyundai" awtobuslary paýtagtyň ähli şäher ugurlarynda diýen ýaly hereket edýär.
Awtobuslaryň täze modifikasiýasy ýokary rahatlygy we has gowulandyrylan howpsuzlyk funksiýalary bilen tapawutlanýar, olaryň hereketlendirijileri Ýewro-4 ekologik howpsuzlygy standartlaryna laýyk gelýär. Kompaniýa ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen hem üpjün eder.

şu gün 11:52
1.9k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

düýn 15:03
1.2k+

Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi....

düýn 14:57
3.5k+

Toyota Land Cruiser 70-iň Urban Heritage Style atly görnüşini tanyşdyrar

Toyota konserni Tokioda geçiriljek Field Style sergisine gabatlap, Land Cruiser 70 wnedorožniginiň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi....

düýn 11:32
2.5k+

Hytaýda ulaglaryň heläkçilik synaglarynyň usulyýeti düýpli berkidiler

Hytaýyň awtomobil tehnologiýalary we barlaglary merkezi (CATARC) «C-NCAP» usulyýeti boýunça kraş-testleriň (heläkçilik synaglarynyň) täze, has berk maksatnamasynyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi. Bu täze......