Türkmenistana "Hyundai" awtobuslarynyň täze tapgyry geldi

  • 03.09.2020 18:53
  • 18k+

Hyundai kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) “All New Super Aero City” awtobuslarynyň 38 sanysy Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gelip düşdi we Aşgabat şäherine iberildi.

Munuň özi şu ýylyň mart aýynda Hyundai korporasiýasy bilen "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň arasyndaky täze modifikasiýaly awtobusyň 400 sanysyny üpjün etmek baradaky şertnama laýyklykda ýurdumyza gelmeli şäheriçi ulagyň ilkinji tapgyrydyr.
Meşhur awtoulag öndürijisi 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu döwür içinde awtobus parkyna 1200-den gowrak ulag gelip gowuşdy. "Hyundai" awtobuslary paýtagtyň ähli şäher ugurlarynda diýen ýaly hereket edýär.
Awtobuslaryň täze modifikasiýasy ýokary rahatlygy we has gowulandyrylan howpsuzlyk funksiýalary bilen tapawutlanýar, olaryň hereketlendirijileri Ýewro-4 ekologik howpsuzlygy standartlaryna laýyk gelýär. Kompaniýa ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen hem üpjün eder.

düýn 20:19
1.5k+

Nissan kompaniýasy rowaýata öwrülen Xterra-ny we X-Trail-iň, Juke-yň we Skyline-yň täze nesillerini yzyna getirýär

Nissan kompaniýasy öz ösüş strategiýasyny täzeledi, global modelleriniň sanawyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny we awtoulaglarynyň 90% -inde emeli aňyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi....

düýn 14:41
1.1k+

Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar

Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine......

düýn 00:04
2.4k+

Ford awtoulaglary sürüjä sözsüz – ýüzüniň we dodaklarynyň hereketlerinden düşüner

Ford kompaniýasy sürüjiniň dodaklarynyň hereketi boýunça buýruklaryny okap bilýän innowasion ses dolandyryş ulgamyny işläp düzýär. Bu tehnologiýa kabrioletlerde we üsti açyk wnedorožniklerde sesiň tanalmagyna......

13.04.2026 15:33
2.3k+

Aston Martin 1 million dollarlyk täze Valhalla superkaryny hödürleýär

Aston Martin kompaniýasy ilkinji elektrik toguna birikdirilýän gibrid awtoulagyny – Valhalla modelini tanyşdyrdy. Bu täze ulag kompaniýanyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir....